Ene we Ogul (Soňuna çenli okamana maslahat berýän)
- Men gürrüň bereýin,
Gulak goý senem.
Hiç haçan adymy
Tutmazdy enem.
Köçelerde oýnap,
oýnap günuzyn.
Gelemde diýerdi:
Açsyn sen guzym.
“Köşegim” diýerdi,
diýerdi “iner”,
Diliňize gurban
Bolsaň eneler!
-Eje! – diýenimde,
Diýerdi “jana!”
Nan salyp, okuwçy,
Mata bukjama,
Meni ýatymlyga
ugradýan dek ol
Diýerdi “sag git-de,
sag-amanja gel!”
Fronta ugraljak
Şol agyr günem,
Meniň öz adymy
tutmady enem .
Goşhaltama salyp
Tapan tupanyn,
Gördüm eli bilen
ýüzün ýapanyn..
“Mert bol, eje”.. – diýip,
Yzyn ýuwutdym,
Çaga däl – on ýedi
ýaşan ýigitdim.
Bu söze has beter
Bozuldy käbäm:
“Seni öýeribem
bilmedim, balam”.
Ol maňa bakýardy,
Göýä ýazykly,
Bu bakyş hem agyr
hemem näzikdi.
Men turdum... enem hem
Des-deň dikeldi,
Gujaklanda bir dem
demi tükendi.
Beýik hesret bilen
Birsellem dymdy,
Syrylan kelläme
Gözýaşy damdy.
-Nowbahar perzendim,
nowça çynarym!
Diýip, bir ah çekdi –
yrandy tärim.
Meň boýnuma bukaw
Boldy goşary,
Badaşan dek bolup
çykdyk daşary.
Uruşdyr. Kim galar,
Kimlerem öler.
Agram bolsa size
düşýär eneler!
Moskwaň düýbünde,
gazaply gyşda,
Bir ölüp dirildim
Agyr söweşde.
Gardan kepen
ýapylypdyr üstüme,
Dört sagatdan
gelipdirin essime,
Gözüm açypdyryn,
gijäniň ýary,
Otyr başujumda
halatly biri.
Bir zat diýjek boldum –
gurapdyr dilim,
Bolsa-da namartlyk
etmändir ölüm...
Begendim: Ellerim
Bitindi bitin!
A, sag aýak
saralgydy büs-bütin.
Ýazmalymy, ýokmy –
bolan zat hakda,
Zäherli ok
galan eken uýlukda.
Aýagy kesjekler,
bu belli eýýäm,
Bir ýazaýyn,
birem ýazmaýyn diýýän.
Ýüregimde arman,
gözlerimde nem,
Muny hat-habarsyz
duýupdyr enem!
Özümden öňürti
ýazypdyr käbäm:
“Düýşümde bir dişim
gopdy-la, balam.
Sen bolsa şeýle şat
bir gülýämişiň,
Jan ogul, ne güne
uçrady başyň?!”
Men gürrüň bereýin,
gulak goý, senem:
Öýe gelsem eýýäm...
ýok eken enem.
Öýde dyzym epmän
ýanyna gitdim,
Çaga däl, on sekiz
ýaşly ýigitdim.
Bardym mazarlyga
pişegmi süýräp,
Süýndüm guburyna
maňlaýy diräp.
Başujuny saklap,
ýatdym günuzyn,
Seslenen bolmady:
“Sen açsyň, guzym”.
A men tebsiräpdim
hem örän açdym,
Sebäp, ejem ýaşdy,
özümem ýaşdym...
Berdinazar Hudaýnazarow.
www.Gollanma.com Maglumat merkezi ©